Alymlar beýnide dowamly, uzak wagtlap duýulýan agyrynyň ýüze çykmagynda işjeňleşýän ýiti öýjükler toparyny tapdylar. Barlagyň netijelerine görä, hut şu neýronlar adamyň näme üçin agyrynyň şikesden soň hem dowam edýändigini düşündirip biler. «Agyry diňe beýniňizde galýar, ýöne ol hakykatdan hem bar zat» diýip, Filadelfiýadaky Pensilwaniýa uniwersitetiniň biology we barlagyň awtory Nikolas Betli aýdýar. Nature žurnalynda çap edilen bu barlag häzirlikçe diňe syçanlarda synag edildi. Emma onuň netijeleri adamlarda hem tassyklansa, bu ýagdaý dowamly agyryny bejermek üçin täze usullaryň işlenip düzülmegine ýol açyp biler. Häzirki wagtda dünýä ilatynyň takmynan 20%-i dowamly agyrydan ejir çekýär. Pensilwaniýa uniwersitetiniň alymlary beýniniň parabrahiýal ýadrosy diýlip atlandyrylýan bölegine üns berdiler — bu bölek bedenden gelýän signallary kabul edip, beýniniň beýleki ýerlerine geçirýär. Şol ýerde alymlar şikesler bejerilenden soň hem işjeňligine dowam edýän neýronlar toparyny tapdylar. Bu neýronlarda neýropeptid Y atly signal molekulasy üçin reseptorlar bar. Biolog Betliniň sözlerine görä, Y1R neýronlary özbaşyna agyry duýgusyny döredýän däldir. Ýöne olar beýnide “agyry” duýgusyny emele getirýän ulgamynyň bir bölegi bolup çykyş edýär. Alymlar bu neýronlaryň işjeňligi togtadylanda, haýwanlaryň dowamly agyry duýgusy azalýandygyny, emma gysga wagtlyk howply täsirlere bolan tebigy reaksýanyň saklanyp galýandygyny ýüze çykardylar. Munuň özi beýnide dowamly agyryny basyp bilýän tebigy mehanizmiň bardygyny görkezýär. Barlagyň awtorlarynyň pikiriçe, geljekde bu prosesiň jikme-jik öwrenilmegi dowamly agyry üçin täze, uzak möhletli we howpsuz bejeriş serişdeleriniň döredilmegine ýol açyp biler.