Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky neopolit döwrüne degişli Karahantepe sebitinde gazuw-agtaryş işleri wagtynda adamyň şekili bolan T-şekilli daş sütüni tapyldy. Bu barada Türkiye Today habar berýär. Ozal alymlar goňşy Göbekli-Tepede hem eliň we penjäniň şekili bolan şuňa meňzeş sütünleri tapypdy, ýöne bu ullakan daş böleginde ýüzüň şekili mese-mälim oýulan ilkinji tapyndy boldy. Artefaktyň ýaşy, takmynan, 12 müň ýyl diýlip hasaplanýar. “Daş gorganlary” taslamasynyň hünärmenleri oýulan çuň gözleri we giň burny bolan sütüniň bir wagtyň özünde binagärlik we çeperçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirip, adamzadyň adam keşbini şekillendirmek isleginiň bolandygyny görkezýändigini öňe sürýär. Arheologlar şeýle tapyndylaryň Türkiýäniň günorta-gündogarynda neolit eýýamynyň adamlarynyň sungatyň we nyşanlaryň üsti bilen özüni nähili suratlandyrandygyna has gowy düşünmäge kömek edýändigini belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir