2023-nji ýylyň tomsunda N-Ark ýapon kompaniýasy Dogen ady bilen ýüzýän şäheri gurmak meýilnamalaryny yglan etdi. Indi bu taslama barada giňişleýin maglumatlar peýda boldy diýip, New Atlas ýazýar. Ýokardan seredeniňde şäher içinde dürli desgalar bolan 4 km diametrli tegelek ýaly görner. Bu tegelek şekil tötänleýin saýlanmady: binagärler ol şähere sunami ýaly ýowuz howa şertlerine garşy durmaga kömek eder diýip hasaplaýar. Taslama şertli ýagdaýda üç zolaga bölünýär: Ýaşalýan halka – esasy ýaşaýyş zolagy; Suwasty maglumat merkezi – deňiz bilen tebigy ýagdaýda sowadylar, onda şäheri dolandyryş merkezleri, şeýle-de lukmançylyk gözleg barlaghanalary ýerleşer; Ýüzýän adalar – halkalaýyn gurluş bilen döredilen emeli aýlagyň içinde ýerleşer. Dogende 10 000 hemişelik ýaşaýjy we 30 000 syýahatçy üçin zerur infrastrukturany döretmek meýilleşdirilýär: mekdepler, ofisler, hassahanalar, myhmanhanalar, sport meýdançalary, seýilgähler, stadionlar we hatda raketalar üçin uçuş-gonuş meýdançasy. N-Ark kompaniýasy şäher ýaşaýjylary tarapyndan ýylda, takmynan, 2 mln litr suwuň, tas 7000 tonna azyk önümleriniň we 22 265 000 kWt elektrik energiýasynyň sarp ediljekdigini hasaplady. Şäheriň gurluşygyna 2030-njy ýylda başlamak meýilleşdirilýär, ýöne onuň ýerleşjek ýeri entek kesgitlenmedi.