Focus2move analitik portaly tarapyndan 162 ýurtdan ýygnalan maglumatlara görä, 2025-nji ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda dünýäde iň köp satylan awtoulag Toyota RAV4 boldy. Krossoweriň satuwy 1,1% ýokarlandy, bu hem täze nesliň yglan edilmegine garamazdan, modeliň iki orun ýokary galmagyna mümkinçilik berdi. RAV4-den soňra ähli döwürleriň iň köp satylan awtoulagy hökmünde tanalýan Toyota Corolla gelýär. Onuň satuwy 8,8% azaldy, ýöne şonda-da üçünji ýerden ikinji orna çykmagy başardy. Ilkinji üçlügi bolsa Ford F-Series 12,2% ösüş bilen jemledi. Ilkinji onlukda şeýle hem şu modeller bar: Tesla Model Y (–11,3%), Honda CR-V (+1%), Chevrolet Silverado (+6%), Toyota Camry (+11,8%), Hyundai Tucson (+3,2%), Toyota Hilux (+0,8%) we Kia Sportage (–0,6%). Hytaýyň Geely Xingyuan modeli aýratyn ünsi çekdi — ol birbada 2181 orun ýokary galyp, 114-nji ýeri eýeledi. Bilermenleriň belleýşi ýaly, bu ösüş Hytaý awtoulag senagatynyň çalt depginde ösýändigini görkezýän ýylyň iň täsirli netijeleriniň biri boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir