Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI we ýurduň ähli halkyna Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filipp VI tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ispaniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi. Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy her ýyl 12-nji oktýabrda bellenilip geçilýär. Bu sene 1492-nji ýylda Hristofor Kolumb tarapyndan Amerikanyň açylan senesine gabatlanýar we ispan halkynyň bitewüligini we taryhy mirasyny aňladýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir