Hindistandan 23 ýaşly inžener-elektrik we miniatýuraçy hudožnik K. Bijaý Kumar Reddi dünýäde iň kiçijik agaç çemçäni ýasady. Bu aşhana enjamy 1,13 millimetrden uly däl. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda bellenilişi ýaly, çemçe şeýle bir kiçijik welin, ol hatda iňňäniň gözünden geçip bilýär. Reddi çemçäni ýanwarda Odişa hindi ştatynda döretdi. Öňki rekord onuň watandaşy Manoja Me degişli bolup, onuň çemçesiniň ululygy 1,14 millimetrdi. Ussa adatça hek bilen işleşýändigini, ýöne bu gezek agajy barlap görmek isländigini aýtdy. Ilkibaşda ol laýyk gelýän agaç görnüşini saýlady, soňra kiçijik gurallaryň kömegi bilen oňa şekil berdi we seresaplylyk bilen onuň ýüzüni ýylmady. Reddiniň aýtmagyna görä, şeýle ownujak zatlar bilen işlemegiň kyndygyna garanazdan, ol saklanmak islemeýär we eýýäm öz rekordyny döwmek üçin has kiçi çemçäni ýasamagy meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir