YouTube platformasy Second Chance (“Ikinji mümkinçilik”) programmasynyň işe giriziljekdigini habar berdi. Ol ozal bloklanan awtorlara platforma gaýdyp gelmäge we öz kontentini dikeltmäge mümkinçilik berer. Programma günäkär däldigini subut etmegiň ähli tapgyryndan geçen we öz kanallaryny dikeldip bilmedik ulanyjylar üçin niýetlenýär. Indi olar täze programma gatnaşmak üçin ýüz tutup biler. Arza her bir ulanyjy üçin aýratyn gözden geçirilýär – YouTube hünärmenleri öňki düzgün bozmalaryň agyrlygyna we platformanyň häzirki düzgünlerine laýyk gelýändigine baha berer. Kanaly dikeltmek mümkinçiligini islendik adam alyp bilmez: programma awtorlyk hukugyny bozmak bilen bagly ýagdaýlara degişli däldir. Arza makullanan halatynda ulanyjylar täze kanal döredip, öz wideolaryny şoňa gaýtadan ýükläp biler. Bu funksiýanyň elýeterlidigi baradaky habar ýakyn aýlarda YouTube Studio-da peýda bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir