Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadag täze şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy, hususan-da, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde görkezilen şekil taslamalaryň hatarynda Ahalteke atlar şaýolunyň ugrunda guruljak girelgäniň görnüşi, täze şäheriň köpugurly stadionynyň öňünde goýulmagy meýilleşdirilýän nyşanlar, açyk görnüşli suwaryş suw saklaýjy howuzlar toplumyndan suwaryş suw howuzlar toplumyna çenli suw geçiriji ulgamynyň Garagum derýasynyň üstünden we aşagyndan geçirilişiniň taslamalary, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň we çaga iýmitleriniň görnüşleri, Arkadag şäherinde gurulýan Gorjaw etrap häkimliginiň binasynyň içki bezegleri, täze şäheriň demir ýol menziliniň içki bezeg aýratynlyklaryna degişli görnüşler bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen şekil taslamalary synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Halk Maslahatynyň Başlygy dürli maksatly binalaryň üçekleriniň örtüginde ulanylýan we häzirki döwürde önümçiligi ýola goýlan üçekleriň görnüşlerini hem synlady. Bu ýerde olaryň dürli görnüşleri we reňk aýratynlyklary görkezildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir