Türkmenistanda zenan telekeçiligi boýunça okuw maksatnama gatnaşyjylara sertifikatlar gowşuryldy. «Türkmenistandaky zähmet bazarynyň hususy pudagynda aýallaryň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak» atly maksatnama Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň goldawy we «Türkmenistanyň ýaşlarynyň üstünlikleri» jemgyýetçilik birleşiginiň usulyýet kömegi bilen bilen guraldy. Okuwlar awgust aýynda Aşgabatda we Türkmenbaşy şäherlerinde geçirildi. Dürli dalaşgärleriň arasynda saýlanyp alnan 40 zenana golaý gatnaşyjy bu okuwda mugt gatnaşmaga hem-de hünär derejelerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik gazandylar. Maksatnama häzirki zaman işewürliginiň möhüm ugurlaryny öz içine aldy: * işewürlik meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy we maliýe meýilleşdirmesi, * telekeçiligiň hukuk esaslary, * işewürlik etikasynyň we aragatnaşyk başarnyklarynyň ösdürilmegi, * innowasion tehnologiýalaryň we emeli aňyň ulanylyşy, * telekeçilik işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we sosial ulgamlarda öňe sürmek. Okuw sapaklaryny sertifikatly tälimçiler we tejribeli hünärmenler alyp bardy. Bu okuw gatnaşyjylara diňe bir teoretiki bilimleri edinmäge däl-de, eýsem üstünlikli telekeçiligi alyp barmak üçin zerur amaly başarnyklary hem ösdürmäge mümkinçilik berdi. Guramaçylaryň belleýşi ýaly, maksatnama ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny gurşap alýar hem-de hususy pudakda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek isleýän zenanlara goldaw bermäge gönükdirilendir. Geljekde hem şeýle başlangyçlaryň dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir