Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga asudalyga beslenýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýnuň toýlanýan gününde Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz türkmen ilimiziň her biri güni şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda ähli ulgamlarda düýpli we beýik özgertmeler amala aşyrylyp, Türkmenistan Ýer ýüzüniň ýokary depginde ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy. Bu Gazanylýan üstünlikleriň her biriniň göz başynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk bähbitli, ynsan ähmiýetli döwletli, tutumly işleri bardyr. Arkadag şäheri bolsa onuň janly mysalydyr. Arkadag şäheri mähriban Arkadagymyzyň gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalar bilen döreden beýik ýaşaýşyň köşgi-eýwanly täji-tagtydyr. Bu şäher külli türkmeniň kalbyndaky arzuwlarynyň amala aşmasy bolup dünýä ýaýyldy. Her säher abadanlykda, asudalykda örenimizde Köpetdagyň gözel künjeginde ak mermere beslenen, şäheriň ajaýyp keşbini synlap, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza! halkyna döredip berýän, şeýle eşretlerine buýsanýarsyň, guwanýarsyň. Häzirki zamanyň ösen we amatly şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheriniň nurana ýollary ýurdumyzda bagtyýar durmuşyň dowamata atarylýandygynyň mysaly hökmünde abadançylyk we amatlylyk babatda tapawutlanýar. Täze Arkadag şäherinde halkara ülňülerine laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzüminiň bardygyny bellemek gerek. Giň şaýollar, köçeler we halkalaýyn çatryklar halkymyzyň hyzmatyndadyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly dabara bilen açylan Arkadag şäheriniň çäginden geçýän durky täzelenen Gökdepe şaýolunyň täze gurlan Keýmir kör şaýolunyň hem-de olaryň täze köprüniň açylyp ulanmaga berilmegi halkymyzy begendirip aýratyn-da Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň buýsançly başyny göge ýetirdi. Şahyryň aýdyşy ýaly, binasy berk, belent-belent jaýlary özünde jemleýän döwrebap Arkadag şäheriniň gündizleri görkana, gijeleri nuranadyr. Ata-babalarynyň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan gadymy topragynda, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, alym Arkadagymyzyň ak patasy bilen täze şäheriň düýbi tutulan pursadyndan başlap, bu ýerde alnyp barylýan giň möçberli işleri hemişe üns merkezinde saklanylýar. Aslynda adamyň durmuşynyň görkini diňe mukaddeslikde görýär. Mukaddes işler hem ynsan ömrüni beýgeldýän uly güýçdir türkmençilikde ýurt tutmak, şäher gurmak, döwlet döretmek köpri gurmak, ýol gurmak ýaly işler sogaply işler hasaplanýar, şeýle sogaply işler bilen öz halkyny ak ertirlere tarap alyp barýan halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň dowamat-dowam bolmagy, ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!