Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga asudalyga beslenýär. Häzirki wagtda eziz diýarymyz özüniň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Türkmenistan döwletimiz Mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri geçen 34 ýylyň dowamynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän netijeli, oňyn parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly şeýle-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli we maksada okgunly ösdüriýär. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip yglan edilmegi Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek, özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Özgertmeleriň ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesi sebitde, dünýäde durnuklylygy saklamaga, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde köp sanly iş maslahatlary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, halkara forumlar, sergiler, medeni çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha artdyrýar. Ata-Watanymyzda yklymlara görelde, asyrlara nusgalyk beýik işler amala aşyrylýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ähli ugurlarynda uly sepgitlere tarap batly gadamlar bilen öňe barýan günlerinde şeýle ulu forumlaryň biri hem awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatydyr. Bu maslahatyň dünýä üçin uly syýasy, ykdysady, durmuş we ynsanperwerlik ugurlar boýunça möhüm ähmiýeti bar. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda halkara hyzmatdaşlyga, ilkinji nobatda, BMG tarapyndan amala aşyrylýan uzak möhletleýin, giň möçberli strategiýalara, maksatnamalara, taslamalara saldamly goşant goşýandygyny aýratyn nygtaýar. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen paýtagtymyzda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirildi. Şeýle hem 2022-nji ýylda BMG-niň howandarlygynda ýurdumyzda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty boldy. Şu ýylyň awgustynda bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň nobatdaky forumynyň geçirilmegi Türkmenistanyň BMG tarapyndan taýýarlanylan maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli amal etmegi we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalary utgaşdyrmagy baş maksat edinýändigini görkezýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir ýola tassyklaýr. Gahryman Arkadagymyz halkara maslahatyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksady bilen, Balkan welaýatyna ýörite iş saparyny amala aşyrdy. Hazaryň kenarynda meýilleşdirilen bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň üstüni ýetirjek halkara forum ýatda galyjy wakalara, täsirli pursatlara beslenmelidir. Onuň köpöwüşginli häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň Bitaraplyk strategiýasyna kybap gelýän milli ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändigini görkezer diýip, Milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi. Awazanyň çäginde her ýylda dürli ugurlar boýunça birnäçe halkara çäreleriň geçirilýändigini bellemek gerek. Munuň özi Hazaryň ajaýyp kenarynda döredilen zolagyň dünýäde giňden ykrar edilen merkez hökmünde eýeleýän derejesini tassyklaýar. Şeýle hem Hazar deňzine, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna Merkezi Aziýa sebitinde halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun degişlidir. Bu zolagyň ykdysady, medeni, syýasy mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, döwlet derejesinde ähli zerur tagallalar edilýär. Bu bolsa Awazany halkara ähmiýetli merkez hökmünde dünä ýüzüne ykrar edýär. Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak arkaly Türkmenistanyň dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkitjekdigini belledi. Bu çäreler Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň birine öwrüler. Bu bolsa Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirer. Bagtyýar halkymyzyň eşrete eýlenen günleriniň binýadyny berkden guran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, at-owazalary mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir