4-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Somali Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Isaak Mohamud Mursal bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, somali tarapy Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny goldaýar we ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidi üçin konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň halklaryň arasyndaky parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek ýaly ýokary ideallara iş ýüzünde ygrarlylygyny tassyklaýandygy nygtaldy. Somali Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň (LLDC 3) aýratyn ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Hökümetiniň çäräni geçirmekdäki tagallalaryna ýokary baha berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir