Ýaponiýa zenanlaryň arasynda ömür dowamlylygy boýunça eýýäm 40-njy gezek dünýä rekordyny täzeledi diýip, ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna salgylanýan NHK habar berdi. Resmi san maglumatyna görä, 2024-nji ýylda ýurtda zenanlaryň ortaça ömri 87,13 ýaş, erkekleriňki bolsa 81,09 ýaş boldy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, bu görkezijiler üýtgemedi diýen ýaly: zenanlar üçin ösüş 0,01% boldy, erkekler üçin bolsa 2023-nji ýylyň derejesinde galdy. Bu san maglumaty boýunça ýaponiýaly erkekler, hususan-da, Şwesiýadan, Şweýsariýadan we Norwegiýadan yzda galyp, altynjy orny eýeleýär. Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň berýän maglumatyna görä, ýurtda ýylyň dowamynda ýürek-damar kesellerinden ýogalanlaryň sany azaldy, ýöne tebigy sebäplerden ýogalanlaryň sany köp boldy. Şeýle hem ministrlikde COVID-19 ýokanjynyň täsirinden ömrüň dowamlylygynyň ösüşiniň haýallandygyny bellediler. 2023-nji ýylda bu görkeziji deňleşip başlady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir