Hytaýyň Ýueýan şäherinde (Hunan welaýaty) kebapçy aşpezleri taýýarlaýan dünýäde ilkinji kollej açyldy. Okuw jaýy ýerli hökümetiň we Ýueýan barbekýu birleşiginiň goldamagynda Ýueýanyň Açyk Uniwersitetiniň düzüminde döredildi diýip, China Daily portaly habar berýär. Ýueýan özüniň barbekýu aşpezlik däbi bilen meşhurdyr, şäherde 2000-den gowrak kebaphana hereket edýär. Indi hünärmenler hünäri standartlaşdyrmak, işgärleri taýýarlaýan ulgamy kemala getirmek we ýerli ykdysadyýeti goldamak kararyna geldiler. Ýerli hökümetiň habar bermegine görä, Ýueýanda jemgyýetçilik iýmiti pudagy ýylda 2 milliard ýuandan gowrak (280 million dollar) girdeji getirýär we 50 müň töweregi adamy iş ýeri bilen üpjün edýär. Uniwersitetiň wise-prezidenti Szýan Szunfu kollejiň ýaşlara ýeňil girişli hünärler boýunça okuw hödürläp, olaryň işsizligini azaltmaga kömek etjekdigini aýtdy. Kollej öwrenjeleri hem, bu ugurda eýýäm işläp ýören hünärmenleri hem taýýarlar. 2025-nji ýylda üç ýyllyk gündizki okuw maksatnamasy boýunça 50-100 talyby kabul etmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de, gysga möhletli döwlet kurslaryny açmak hem göz öňünde tutulýar. Maksatnama iki esasy ugurdan ybarat: barbekýu taýýarlamak we kebaphana işini dolandyrmak. Tejribelik sapaklary 50 sany ýerli edarada geçiler. Käbir ýaşaýjylaryň bu başlangyja şübheli garaýandyklaryny bellemelidiris. Çen familiýaly ýerli kebaphananyň eýesi eti otda bişirmek ussatlygynyň uniwersitetde üç ýylda özleşdirilip bilinjekdigine şübhelenýär, çünki bu köp ýyllyk tejribäni talap edýär. Şeýle-de bolsa, uniwersitet gurluşly çemeleşmäniň pudagy ösdürmäge we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga kömek etjekdigine ynanýar.