Şweýsariýanyň Roche farmasewtika kompaniýasy Alsgeýmer keseline garşy derman serişdesiniň kliniki synaglarynyň başlandygyny yglan etdi. Bu barada kompaniýanyň beýanyna salgylanyp, Reuters agentligi habar berdi. “Trontinemab” atly derman serişdesi kognitiw funksiýalary peselmek töwekgelçiligi bolan hassalar üçin niýetlenýär. Onuň aýratynlygy, adatça, himiki maddalaryň beýnä düşmegine päsgel berýän gematoensefalik böwetden geçip bilmegidir. Ylmy gözlegçiler derman serişdesiniň Alsgeýmer keseliniň alamatlarynyň ýüze çykmagyny haýalladyp ýa-da öňüni alyp biljekdigini anyklamak isleýär. Bu hroniki kesel intellektual başarnyklary peseldip, ilkinji nobatda, ýadyň bozulmagyna getirýär. Ol beta-amiloidleriň we tau-beloklaryň beýnä zäherleýji täsiri bilen baglanyşyklydyr. Roche geçenki synaglaryň dowamynda “Trontinemabyň” beýnide amiloidiň ýygnanmagynyň derejesini peseldendigini habar berdi. 3,6 mg/kg dozasyny alan gatnaşyjylaryň 81%-inde beta-amiloidiň derejesi 28 hepdäniň içinde 24 sentroid çäginden aşak düşdi (gürrüň 26 gatnaşyjydan 21-isi barada). “Trontinemab” kompaniýanyň amiloidleriň derejesini peseltmäge gönükdirilen başga bir derman serişdesi “Gantenerumabyň” täze wersiýasydyr. Ýöne öňküsi keseliň nesil yzarlaýan görnüşi bolan hassalarda kognitiw bozulmalaryny haýalladyp bildi. Bazarda eýýäm Eisai, Biogen we Lilly kompaniýalaryndan tassyklanan antiamiloid serişdeleri bar, ýöne olar gymmat we beýnide çişiň döremegine hem gan inmegine getirip biler diýip, Reuters belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir