Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Balkan welaýat häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň guramagynda geçirilen bäsleşige sebitiň ähli etrap-şäherlerinde saýlama tapgyrlarda ýeňiji bolan zehinli höwesjeň estrada aýdymçylarynyň 10-sy gatnaşdy. Bäsleşigiň jemleri boýunça Gyzylarbat etrabynyň Tutly obasynyň ýaşaýjysy, höwesjeň aýdymçy Öwezmyrat Ataýew hem-de Esenguly etrabynyň harby wekilliginiň gözegçisi Ýunus Aşyrdurdyýew ýeňiji boldular. Eminleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan ýaş zehinli aýdymçylar «Ýaňlan, Diýarym! — 2025» telebäsleşiginiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşikde aýratyn tapawutlanan ýaş zehinlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir