Filippinleriň Sebu şäherinde dünýäde iň uly kran-maşyn oturdyldy. Baýrak (esasan, ýumşak oýnawaçlar) almak üçin oýnamaga niýetlenen kran awtomat Tops toplumynyň PlayFair oýun zalynda peýda boldy diýip, UPI agentligi habar berýär. Claw King atly enjam 1761 kub fut göwrümli meýdany eýeledi, bu, takmynan, 50 kub metre deňdir. Onuň ululygy – uzynlygyna 5,2 metr, ini 2,4 metr we beýikligine 3,8 metre barabar. Awtomat şeýle enjamlaryň arasynda resmi taýdan iň ulusy diýlip ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Öňki rekord Floridada ştatyndan (ABŞ) ululygy 5×2,4×3,6 metr bolan awtomata degişlidi. “Bu uly üstünlik bolup, biz ony uly şatlyk bilen Sebunyň ýaşaýjylary bilen paýlaşýarys. Biz bu rekordy öýe getirendigimize diýseň buýsanýarys” – diýip, PlayFair-de bellendi.