25-nji iýulda Türkmenistanyň wise-premýeri N.H.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Altaý Respublikasynda geçirilen Halkara ekologiýa maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Maslahatyň esasy mowzuklary howanyň üýtgemegi, milli ykdysadyýetiň ösüşi hem-de biodürlüligi gorap saklamak boldy. N.Atagulyýew maslahatda çykyş etmek bilen, ekologiýa howpsuzlygyny, durnukly ösüşi üpjün etmäge hem-de ýurdumyzyň tebigy mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlaryna çärä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şeýle-de çykyşda Türkmenistanyň gatnaşýan ekologiýa ulgamyndaky halkara konwensiýalary, ýurdumyzyň aýratyn goralýan tebigy ýerleri, bag nahallaryny oturtmak, agrosenagat we senagat pudaklaryna innowasiýa, suw tygşytlaýjy, galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek ýaly we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan işler dogrusynda aýdyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir