Resminamalara görä, kompaniýa neýroçibiň Telepathy, Blindsight we Deep ýaly üç görnüşini hödürlemek we bäş klinikadan ybarat ulgamy döretmek isleýär. Ähli çözgütler häzirlikçe kliniki synag tapgyrynda. Telepathy – “beýni-maşyn” interfeýsiniň esasy wersiýasy bolup, onuň kömegi bilen hassa kompýuteri ýa-da enjamy syçanjyksyz we klawiaturasyz gönüden-göni dolandyryp biler. Blindsight – doly kör adamlaryň görşüni dikeltmek üçin çip. Deep – Parkinson keseliniň we beýleki newrologik bozulmalaryň alamatlaryny ýeňilleşdirmek üçin implant. Agentligiň maglumatlaryna görä, bu gurluşlaryň hiç biri heniz ABŞ-nyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik edarasy (FDA) tarapyndan tassyklanmady. Neuralink geçen ýyl adamlarda synaga başlady. Häzirlikçe çip diňe dokuz hassa oturdyldy. Olaryň kömegi bilen ysmaz hassalar kompýuteri dolandyryp, internetden peýdalanyp, wideo oýunlaryny oýnap we hatda wideo redaktirläp bildi. Wizual çip häzirlikçe diňe haýwanlarda synagdan geçirildi. Neuralink 2029-njy ýylda Telepathy-nyň täjirçilik ulanylyşyna başlamagy, ýylda 2 müň operasiýa geçirmegi we 100 mln dollar girdeji almagy göz öňünde tutýar. 2030-njy ýylda Blindsight-y ulanyp başlamak we operasiýalaryň sanyny 10 müňe ýetirmek hem-de 500 mln dollardan gowrak girdeji gazanmak meýilleşdirilýär. 2031-nji ýyla çenli kompaniýa ýylda 20 müň adamyň beýnisine çip oturtmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň islegleriniň bazardan öňe geçýändigine garamazdan, maýadarlaryň gyzyklanmasy ýokary bolmagynda galýar. PitchBook-yň maglumatlaryna görä, geçen aý Neuralink 650 mln dollar maýa çekdi. 2016-njy ýylda döredilenden bäri kompaniýa 1,3 mlrd dollar maýa goýuldy, onuň bazar bahasy 9 mlrd dollar diýlip hasaplanýar. Esasy maýadarlar hökmünde tehnologiýa gaznalary, wençur gaznalary we Maskyň özi çykyş edýär.