Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Şunda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly geçirilen maslahatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, şu ýylyň awgust aýynda Awazada parlament forumyny ýokary derejede guramak boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy. Türkmenistanyň Prezidenti ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler. Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir