Günorta Koreýa güýçli ýagyş ýagdy, ol eýýäm üç gündür, kesilenok. Şeýle harasatly ýagyş soňky 200 ýylda bolmandy. Azyndan dört adam pida boldy. Pakistandaky musson ýagyşlarynyň pidalary bolsa 160 adama golaýlady. Bu barada «MIR 24» habar berdi. Joşan derýalar ýol çyraly sütünleri suwuň astynda galdyrýar. Seulda birnäçe şäher mähelleleri birinji gatlaryň penjirelerine çenli gark boldy. Oba hojalyk ekinleri, tehnika we ýyladyşhanalar hem suwuň astyna gidýär. Günorta Koreýanyň altynjy uly şäheri indi Wenesiýany ýatladýar: ne ýol, ne ýanýoda görünýär, daş-töweregiň tutuş suw bolup ýatyr. Hatda çägeli haltalar hem kär etmeýär. Ýurduň Prezidenti Li Çže Men gyssagly ýygnak geçirdi. Ol üç gündür, üznüksiz ýagýan ýagyşda ähli güýçleri birleşdirmegi talap etdi. Ýurduň Howpsuzlyk ministrligi bäş müňden gowrak adamyň tebigy betbagtçylyk sebäpli gaçybatalgalarda gizlenendigini habar berdi, dört adam gurban boldy, bir adam dereksiz ýitdi. Pakistanyň Penjap ülkesinde musson ýagynlary ýollary haraplady. Golaýdaky ilatly ýerleriň ýaşaýjylary halas etmek üçin dikuçarlar peýdalanylýar. Geçen günler ýagyş möwsüminiň başlany bäri iň ölüm howply boldy. Çabgalarda binalar ýykyldy, 24 sagatda 63 adam pida boldy, 300-e golaý adam ýaralandy. Ýurduň howa gullugy geljek hepdede musson ýagyşlarynyň täze güýç bilen başlanjakdygyny çaklaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir