Hökümetiň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hasabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň käbir resminamalaryna, hususan-da, Salgyt meseleleri boýunça özara administratiw kömegi bermek hakynda Konwensiýa hem-de Ygtyýarly taraplaryň maliýe hasaplar boýunça maglumatlaryny awtomatik alyşmagy hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga Türkmenistanyň goşulmagynyň maksadalaýyk hasaplanýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda milli kanunçylygy kämilleşdirmek arkaly abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Türkmenistanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň degişli Konwensiýasyna we Ylalaşygyna goşulyşmagy barada taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy diýip, TDH ýazýar.