Neapolda soňky on ýyllyklarda iň güýçli ýer sarsgyny boldy diýip, «Daily Mail» habar berýär. Ýerli ýaşaýjylar düýn – anna güni ýerasty sarsgynlary duýdular. Olaryň gürrüňine görä, göýä bomba partlan ýaly bolupdyr. Sarsgynlaryň güýji 4,6 bala deň bolup, 20 sekunt dowam etdi. Bu soňky kyrk ýyldaky iň güýçli ýertitremedir. 900 müň ilatly şäherde demir ýol gatnawy ýatyryldy. Tebigy hadysa Neapolyň ýaşaýjylaryny öýlerini terk etmäge mejbur etdi. Käbir öýlere zeper ýetdi, binalaryň ýere gaçan bölekleri awtoulaglara zyýan saldy. Habarda bu günorta italýan şäherinde iň güýçli ýer yranmanyň 1980-nji ýylda bolandygy bellenýär, güýji 6,9 bala deň şol ýertitremede 2,7 müň adam heläk boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir