17-nji iýulda Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Pawel Utýupin bilen Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Nazarguly Şagulyýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň möhümdigi nygtaldy. Taraplar şeýle hem öňümizdäki saparlaryň we duşuşyklaryň meýilnamasyna, şol sanda halkara meýdançalaryndaky çäreleriň tertibine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 4–8 awgusty aralygynda Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň (LLDC3) üçünji maslahatynyň taýýarlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Belarusyň halkara başlangyçlaryny ilerletmekde meňzeş garaýyşlara eýedigini belläp, gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.