China Huaneng Group we Dongfang Electric Corporation döwlet kompaniýalary dünýäde iň güýçli diýlip hasaplanylýan 17 megawattlyk göni birikdirilen deňiz ýel turbinasyny işe girizdi diýip, Interesting Engineering ýazýar. Turbinanyň rotorynyň diametri dünýä boýunça rekord 262 metrdir. Merkezi stupisasynyň beýikligi 50 gatly bina bilen deňeşdirip boljak 152 metre ýetýär. Aýlanma wagtynda çarhlar bilen örtülen meýdany takmynan 53 müň inedördül metr - takmynan 7,5 adaty futbol meýdançasyna barabar. China Huaneng Group-yň berýän maglumatyna görä, şeýle elektroblogyň biri ýylda 68 million kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürip biler. Bu takmynan 40 müň hojalygy tok bilen üpjün etmäge ýeterlikdir. Işlenip düzülen turbina kyn deňiz şertlerinde işlemek üçin niýetlenendir. Ol 24 metr beýiklikdäki tolkunlara garşy durmaga ukyply. Taslama Hytaýyň gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyndaky, hususan-da, deňiz ýel energiýasyndaky tehnologik ösüşini görkezýär.