Florida uniwersitetiniň alymlary Amazonka jülgesinde Guapore derýasynyň boýunda ýygnanan, Günorta Amerikanyň derýalarynda ýaşaýan 41 000 töweregi uly pyşbagany hasaba aldylar diýip, Phys.org portaly habar berýär. Barlag pilotsyz uçarlar, howadan surata düşürmek we statistiki modelirlemek arkaly geçirildi. 1187 pyşbaganyň çanagyna ak reňkli bellikler edildi, şondan soň dron 12 günüň dowamynda günde dört gezek uçup, her uçuşynda 1500 surat aldy. Alnan suratlardan ortofotoplan döredildi, onda hünärmenler belligiň bardygyny we pyşbaganyň işjeňligini göz öňünde tutup, her pyşbagany ýazga aldylar. Ýerüsti gözegçilikler bilen dronlaryň berýän maglumatlary deňeşdirilende düýpli çaprazlyklaryň bardygy mälim boldy. Synçylar 16 000 pyşbagany hasaba aldylar, suratlaryň adaty düzedilmedik şekil derňewinde olaryň sany 79 000 boldy. Pyşbagalaryň göçüş we özüni alyp baryş modelini göz öňünde tutup, olaryň hakyky sany 41 müň diýip düzedildi. "Sanlardaky şeýle düýpli çaprazlyk tebigaty goramak başlangyçlary üçin çynlakaý meseleleri döredýär. Hakyky sanyny takyk bilmezden, görnüşiň ne azalýandygyna, ne-de bir ony köpeltmek işiniň üstünlikli barýandygyna dogry baha berip bolýar" -diýip, bilermenler belleýärler. Barlag topary geljekde gözegçiligiň usullaryny kämilleşdirmegi we Kolumbiýada, Peruda we Wenesuelada gözegçilikleri giňeltmegi meýilleşdirýär.