Türkmenistanda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. 18-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa şanly sene mynasybetli türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Türkmenistanyň Prezidentini gutlady. Şeýle hem wise-premýer bu şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasy hereketde” atly maslahatlary geçirmek, zähmetde aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlary dabaraly gowşurmak, Milli Liderimiziň nusgalyk kitaplarynyň, surat we milli saglygy goraýyş önümleriniň sergisini, aýdym-sazly medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.