Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Salgyt meseleleri boýunça özara administratiw kömegi bermek hakynda Konwensiýa hem-de Ygtyýarly taraplaryň maliýe hasaplar boýunça maglumatlaryny awtomatik alyşmagy hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmagy barada taýýarlanan teklibi makullady. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hasabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň käbir resminamalaryna, hususan-da, Salgyt meseleleri boýunça özara administratiw kömegi bermek hakynda Konwensiýa hem-de Ygtyýarly taraplaryň maliýe hasaplar boýunça maglumatlaryny awtomatik alyşmagy hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga ýurdumyzyň goşulmagynyň maksadalaýyk hasaplanýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Serdar Berdimuhamedow wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.