ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 18-nji iýulda steýblkoinleri düzgünleşdirmek barada ilkinji federal kanuna gol çekdi. Bu barada Bloomberg habar berýär. “Steýblkoin pudagynda milli innowasiýalary dolandyrmak we kesgitlemek barada kanun” (GENIUS Act) atly resminama steýblkoin amallary üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmäge gönükdirildi. “Genius Act kanuny dollar bilen goldanýan steýblkoinleriň uly mümkinçiliklerini kesgitlemek we durmuşa geçirmek üçin aýdyň we ýönekeý kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döredýär. Bu, ähtimal, internet döräli bäri maliýe tehnologiýalarynda iň uly öwrülişik bolsa gerek” – diýip, Tramp Ak tamdaky gol çekmek dabarasynda aýtdy. Çärä uly kriptowalýuta kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda Braýan Armstrong (Coinbase) we Wlad Tenew (Robinhood Markets) gatnaşdy. “Kanuna gol çekilmegi siziň yhlasly zähmetiňiziň, öňdebaryjy ruhuňyzyň we hiç haçan boýun gaçyrmazlyk ukybyňyzyň tassyklanmasydyr” – diýip, Tramp pudaga gatnaşyjylara ýüzlendi. Steýblkoin (iňlisçe stable – durnukly, coin – teňňe) – bu bahasyny adaty walýutalara (häzirki ýagdaýda ABŞ-nyň dollaryna) ýa-da birža harytlarynyň bahalaryna mejbury baglamak arkaly alyş-çalyş hümmeti durnuklaşdyrylýan kriptowalýutalaryň umumy adydyr. Bir gün öň, 17-nji ýulda ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasy kriptowalýuta bazaryny düzgünleşdirmäge degişli üç kanuny tassyklady. GENIUS Act-dan başga-da, sanly aktiwler bazarynyň aç-açanlygy we merkezi bankyň sanly walýutasyna döwlet gözegçiligi barada kanun kabul edildi.Bu wakalaryň esasynda dünýäniň kriptowalýuta bazarynyň kapitalizasiýasy rekord 3,91 trln dollara ýetdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir