Universal studiýasy Kristofer Nolanyň “Odisseýa” filminiň IMAX görkezilişi üçin onuň premýerasyndan bir ýyl öň petek satyp başlady. Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 17-nji iýulyna meýilleşdirilýär. Bu kino taryhynda film üçin petekleriň ilkinji gezek şeýle ir elýeterli bolmagydyr. KHBS-iň maglumatlaryna görä, petekleriň 95%-i rekord gysga möhletde satyldy, kassa ýygymy bolsa eýýäm 1,5 mln dollara ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, filmi düşürmek işleri heniz tamamlananok. Nolan ony Gresiýada, Nestor gowagy, Woýdokilýa kenary we Metoni galasy ýaly ýerlerde düşürýär. Şeýle-de, surata düşürmek işleri bölekleýin Sisiliýa adasynda we Marokkodaky gadymy Aýt-Ben-Haddu obasynda alnyp barylýar. Alymlaryň pikiriçe, Sisiliýa Gomeriň eposynda Odisseýiň gezelenç eden ýeri bolupdyr. Gadymy grek poemasynyň epiki ekranlaşdyrmasy Mett Deýmon, Tom Holland, Zendaýa, Enn Heteueý, Şarliz Teron, Robert Pattinson, Jon Berntal we Lupita Niongo ýaly ýyldyz aktýorlary bir ýere ýygnady. Filmiň birinji tizeriniň premýerasynyň 2025-nji ýylyň tomsunyň ahyryna çenli bolmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir