Mitsubishi Heavy Industries, Ltd. kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan Mitsubishi Heavy Industries Asia Pacific Pte. Ltd. (MHI-AP) «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Türkmenistanyň iri dökün zawody bolan Garabogazkarbamid zawodyna serwis hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça üç ýyllyk şertnama gol çekdi. Bu barada kompaniýa 17-nji iýulda resmi metbugat beýanatynda mälim etdi. Şertnama laýyklykda, MHI-AP gaz turbinaly generatorlar, kompressorlar, nasoslar ýaly möhüm enjamlaryň ätiýaç şaýlaryny, şeýle hem MHI toparynyň kärhanalary tarapyndan öndürilen beýleki enjam böleklerini we sarp ediş serişdelerini üpjün eder. Hyzmatlar Mitsubishi Corporation bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilýär. "Türkmenhimiýa" ýaly pudagyň öňdebaryjy gatnaşyjylary bilen hyzmatdaşlyk etmeklik müşderileriň üýtgeýän isleglerini kanagatlandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Biz müşderilerimiziň üznüksiz işini üpjün edýän ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge ymtylýarys» diýip, MHI-nyň Aziýa-Ýuwaş umany sebitindäki we Hindistandaky sebit direktory Takehiko Kikuçi aýtdy. Bu şertnama MHI toparynyň taslamanyň ömrüniň ähli tapgyrlarynda — inženerçilikden başlap işletmäge çenli — müşderilere goldaw bermek strategiýasynyň bir bölegidir. Garabogazkarbamid zawody Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýerleşýär we Merkezi Aziýada karbamid öndürýän iň iri kärhana bolup, onuň ýyllyk kuwwaty 1,155 million tonnadan gowrakdyr. Zawodyň gurluşygy Mitsubishi Corporation we Gap İnşaat türk kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir