17-nji iýulda Azerbaýjana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Jydyr düzüne bardylar. Jydyr düzi Şuşa şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almak üçin iň meşhur künjekleriniň biri bolupdyr. Geçmişde bu ýerde at çapyşyklary geçirilipdir. Bu ýerde dostlukly ýurduň atly ýigitleriniň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi garabag atlarynyň özboluşly tanyşdyrylyşyna öwrüldi. Jydyr düzünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garabag tohumyndan bolan Dostluk atly bedew sowgat berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow minnetdarlyk bildirip, bu sowgady mizemez türkmen-azerbaýjan dostlugynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Ilham Aliýew atşynaslar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdüler. Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fizuli Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Türkmenistana ugrady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir