17-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy uçarda Fizuli şäherine ugrady. Fizuli Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew garşylady. Howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedow şekil taslamalarynyň üsti bilen Azerbaýjanyň Fizuli, Laçyn we Zangilan Halkara howa menzilleri bilen tanyşdyryldy. Fizuli howa menzili 2021-nji ýylda, Laçyn howa menzili 2022-nji ýylda, Zangilan howa menzili bolsa 2023-nji ýylda açylyp ulanmaga berildi. Howa menzili bilen tanyşlykdan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Ilham Aliýew bilelikde awtoulagda Şuşa şäherine ugradylar. Ýol ugruna ýörite gurnalan ýerde Azerbaýjanyň Prezidentiniň Agdam, Fizuli we Hojawend etraplary boýunça ýörite wekili Milli Liderimizi Fizuli şäherinde amala aşyrylýan gurluşyk taslamalary bilen tanyşdyrdy. Tanyşlygyň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow Fizuli şäherindäki gurluşyk işleri babatda öz gymmatly maslahatlaryny berdi. Prezident Ilham Aliýew Gahryman Arkadagymyzyň beren maslahatlarynyň ähmiýetini belledi. Şuşa şäheriniň golaýyndaky Daşalty düzlüginde türkmen halkynyň Milli Lideri we dostlukly ýurduň döwlet Baştutany bilelikde ýadygärlik surata düşdüler. Daşaltynyň we onuň töwerekleriniň tebigaty köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerler gezelenç etmek, dynç almak, tebigat gözelliklerini synlamak üçin amatly künjekler hasaplanýar. Deňiz derejesinden 1 müň 368 metr belentlikde ýerleşýän Şuşa şäheri Azerbaýjanyň medeni paýtagtydyr. XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başlarynda Şuşa Kawkazyň sazçylyk merkezine öwrülýär. Gözel tebigaty, arassa howasy üçin ol şypahana şäheri-de hasaplanýar. Şäheriň taryhy merkezinde gadymy binalar, çeşmeler, metjitler, kerwensaraýlar, aramgähler, medreselerdir galalar bar. Şuşa şäherine gelenlerinden soňra, Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew şäherde gurulýan täze ýaşaýyş toplumyna baryp gördüler. Häzirki wagtda Şuşa şäheriniň baş meýilnamasynyň çäklerinde täze ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň maýynda ilkinji, 2025-nji ýylyň maýynda bolsa ikinji ýaşaýyş toplumy gurlup ulanmaga berildi. Häzirki wagtda-da olaryň gurluşyklary dowam edýär. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bina edilýän metjidiň gurluşygyny synlady. Täze metjidiň düýbi 2021-nji ýylda tutulypdyr. Onuň taslamasy italýan kompaniýasy we azerbaýjan arhitektorlary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Metjidiň daşky bezeginde Şuşa şäherindäki gadymy metjitleriň bezeginde duş gelýän geometrik nagyşlar agdyklyk eder. Metjidiň gurluşygy bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Geýdar Aliýew baradaky surat sergisi bilen tanyşdylar. Merkeziň binasy milli derejedäki binagärlik ýadygärlikleriniň sanawyna girýär. Sergide Azerbaýjanyň umumymilli Lideriniň ýurduň durmuş, ykdysady, syýasy, medeni ösüşinde bitiren hyzmatlaryny şöhlelendirýän fotosuratlar, resminamalar, wideofilmler görkezilýär. Geýdar Aliýew Şuşa şäheriniň ösdürilmegine hem uly ähmiýet beripdir we bu ugurda yzygiderli çäreleri durmuşa geçiripdir. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Şuşa galasyna bardylar. Döwlet ähmiýetli binagärlik ýadygärligi bolan Şuşa galasy 1752-nji ýylda belent baýryň üstünde gurlupdyr. Gala dürli medeniýetlerdir halklar üçin möhüm merkez bolupdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Prezident Ilham Aliýew Şuşa galasynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir