17-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi. Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) Özbegistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.