Hytaýyň kosmos agentligi (CNSA) “Týangun” orbital stansiýasyna “Týançžou-9” ýük gämisini rekord 6,5 tonna agyrlykdaky ýük bilen üstünlikli iberdi. Bu öňki ýük missiýalaryndan 100 kg köpdür. Taýkonawtlara azyk, tejribe üçin enjamlar we materiallar iberildi. Uçuş “Beýik ýöriş – 7” (Çançžen-7) raketasynyň kömegi bilen Wençan kosmodromyndan amala aşyryldy. Gämi stansiýa ýakynlaşmagyň tizleşdirilen üç sagatlyk shemasy boýunça ýetdi – şeýle çemeleşme üçünji gezek ulanylýar. Eltilen ýükleriň arasynda gämiden daşary iş üçin iki täze skafandr bar. Olar ekipaž tarapyndan häzir ulanylýandan has ygtybarly bolup, uzak hyzmat edýär. Olaryň her biri dört ýylyň dowamynda açyk kosmosa 20 gezek çykmak üçin niýetlenendir. Öňki kostýumlar üç ýylda 15 gezek çykmaga mümkinçilik berýärdi. Mundan başga-da, bedeniň we elleriň myşsalary üçin täze trenažýor eltildi. Ol ekipažyň fiziki taýýarlygy üçin doly derejeli türgenleşik zolagyny döretmäge mümkinçilik berdi. Bu myşsanyň gowşamagynyň öňüni almak we Ýere gaýdyp geleniňden soň grawitasiýa uýgunlaşmak üçin zerurdyr. Şeýle-de, “Týançžou-9” 30 töweregi täze azyk görnüşini getirip, tagamlaryň sanyny 190-a ýetirdi. Indi iýmiti gaýtalamasyz kabul etmek döwri 7-den 10 güne çenli artdy. Stansiýa biologiýa, lukmançylyk, fizika ýaly ugurlarda 23 ylmy tejribäni geçirmek üçin materiallar we enjamlar hem getirildi.