Renault kompaniýasy Rafale Hyper Hybrid E-Tech krossoweriniň Fransiýanyň Prezidenti üçin döredilen ýörite görnüşini hödürledi. Awtomobiliň ýeke-täk nusgasy sowutlanan kuzowa, uzaldylan teker bazasyna we aýratyn bezege eýe boldy. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, Rafale-niň teker bazasy yzky hatardaky ýolagçylaryň rahatlygyny artdyrmak üçin goşmaça uzaldyldy. Şeýle-de, sowutlanan kuzow we güýçlendirilen ses izolýasiýasy ýaly gorag elementleri goşuldy. Awtomobil 1,2 litrlik benzin hereketlendirijisi bilen kuwwaty 300 at güýjüne barabar bolan gibrid bilen enjamlaşdyryldy. Kuzow Bleu Présidence – ak we gyzyl öwüşginli gök-benewşe reňk bilen boýaldy. Öňdäki ganatlarda fransuz baýdagynyň reňklerinde nyşanlar, radiator gözeneginde bolsa üç reňk stilinde dekoratiw elementler ýerleşdirildi. Ulagyň gapdal tarapynda baýdak üçin saklaýjy bar. Salon bezeginde tebigy materiallar ulanyldy. Rul, öňdäki panel we yzky konsol Pireneýlerden gara mermer, dolandyryş paneli bolsa gara buk bilen bezeldi. Oturgyçlar deri bilen örtüldi we wentilýasiýa ulgamy bilen üpjün edildi, gapylar awtomatik ýapylýar. Renault ulagyň agramyny aýtmaýar. Adaty wersiýanyň agramy, takmynan, 1 700 kg barabar, ýöne sowudy göz öňünde tutsaň, prezident Rafale-si 2 700 kg golaýlap biler. Adaty model 6,4 sekuntda 100 km/sag çenli tizligini artdyrýar we elektrik tirkegde 105 km çenli ýol geçip bilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir