Sensor Tower analitik platformanyň berýän maglumatlaryna görä, ChatGPT-niň ulanyjylary, köplenç, çat-bot bilen programma kodunyň işlenip düzülişi boýunça habarlaşýarlar - bu kategoriýa ähli ýüz tutmalaryň 29%-ini düzýär. Gözlegiň temalar boýunça bölünen infografikasyny Visualcapitalist portaly neşir etdi. Emeli aň kodlaşdyrmak meselelerini ýönekeýleşdirmekde, dürli programmirleme dillerinde düzedişleri düzmekde we awtomatlaşdyrmakda işjeň ulanylýar. Meşhurlykda ikinji ýerde soraglaryň 15%-ini düzýän taryh we jemgyýeti öwreniş boýunça gözlegler durýar. Emeli aň we maşyna öwretmek bilen baglanyşykly temalar üçünji orny eýeledi (14%). Ykdysadyýet, maliýe we salgyt boýunça soraglar dördünji orunda durýar (13%). Ulanyjylar bazarlar, paýnamalar we makroykdysady tendensiýalar bilen gyzyklanýar. Galan kategoriýalar aşakdaky ýaly paýlandy: güýmenje soraglary - 8% okuw materiallary - 7% tehniki temalar - 5% hukuk - 4% syýasy - 3% daşky gurşaw we howa - 2%. Iki ýyldan hem az wagtyň içinde ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany 500 milliona ýetdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir