Pekiniň Dajin Heavy Industry kompaniýasy Hebeý welaýatynyň Tanşan şäherinde özboluşly energetika desgasyny işe girizdi. Taslama 250 megawattlyk Gün elektrik stansiýasyny balyk hojalygy bilen utgaşdyrýar. 353 gektar meýdanda 370 000 sany ikitaraplaýyn Gün panelleri işläp başlady. Olar gös-göni balyk howuzlarynyň depesinde oturdyldy. Bu panellere suwdan serpikýän Gün şöhlesini tutmak arkaly has köp energiýa öndürmäge mümkinçilik berýär. Üstesine, paneller saýa salyp, yssy günlerde suwuň temperaturasyny we bugarmanyň derejesini peseldýär. Şeýle çemeleşme suwdaky organizmleriň madda çalşygyny gowulandyrýar we ulgamyň ekologiki durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Taslama gaýtadan dikeldilýän energiýa bilen balykçylygyň innowasion utgaşmasyny görkezmek bilen, adaty usullar bilen deňeşdirilende, daşky gurşawa zyýanly täsiri azaldýar.