Türkmenistanda Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 1 million 407 müň tonnasy tabşyryldy. Prezident Serdar Berdimuhamdow gallaçy daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi bilen gutlady. "Ussat kärendeçilerimiziň, hususy önüm öndürijilerimiziň, mehanizatorlarymyzyň, alymlarymyzyň, galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp barýan her bir oba hojalykçynyň agzybir hem-de yhlasly çeken zähmeti netijesinde şeýle belent sepgide ýetildi. Eziz Diýarymyzda gallanyň bol hasylynyň öndürilip, gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde ýurdumyzyň gallaçylyk bilen meşgullanýan öňdebaryjy daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň, ähli oba hojalyk işgärleriniň her biriniň mynasyp goşandy bardyr. Biz babadaýhan kesbini üstünlikli dowam etdirýän edermen gallaçylarymyzyň öndürijilikli zähmet çekmegi, bereketli toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmet çekip baýamagy üçin mundan beýläk hem giň mümkinçilikleri dörederis" diýlip, döwlet Baştutanynyň gutlagynda aýdylýar. Ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy pudagyň işgärlerine hemmetaraplaýyn goldaw berilýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr. Galla oragy möwsüminde “John Deere”, “СLAAS” ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanyldy. Ýokary öndürijilikli tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, olar ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berdi. Galla oragy döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gallaçylara hyzmat edip, olar ýangyç we çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir