ABŞ-nyň Nebraska ştatynyň Stýuard şäherinde, takmynan, 50 ýyl bäri ýeriň astynda ýatan wagt kapsulasy açyldy. Içindäki 5000-den gowrak predmetiň arasynda gowy ýagdaýda saklanyp galan hakyky Chevrolet Vega ýeňil ulagy hem bar diýip, The Drive ýazýar. Dünýäde iň uly hasaplanýan kapsula 1975-nji ýylyň 4-nji iýulynda möhürlenipdir. Onda hatlardan we suratlardan başlap Kawasaki motosikline we Chevrolet Vega ulagyna çenli dürli zatlar bar. Motosikl jikme-jik görkezilmedi, ýöne awtoulag hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Ulag diňe selofan örtük bilen örtülipdir. Korpusy ýuwlandan soň kapotyň üstünde poslan ýeri görünýär, ýöne umuman alanyňda, Vega-nyň daşky görnüşi erbet däl. Awtoulagyň “2025" diýlen simwoliki tapawutlandyryş belgisi bardy. Chevrolet Vega 4-nji iýulda Garaşsyzlyk güni mynasybetli Stýuardda geçirilen ýörişe gatnaşdy. Awtoulagyň geljekki ykbaly belli däl, ýöne muzeýe geçirilmegi mümkin.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir