Arheologlar Portugaliýanyň kenarýakasynyň iki ýerinde neandertallaryň aýak yzlaryny tapdy. Olaryň ýaşy, takmynan, 78-82 müň ýyla barabar diýip, Scientific Reports žurnalyndaky makala salgylanyp, “N+1” neşiri habar berýär. Praýýa-du-Teleýru kenarynda uzynlygy 22,6 sm bolan daban yzy tapyldy. Ol ýetginjege ýa-da boýy gysga aýala degişli diýlip çak edilýär. Arheologlar ikinji ýerde, Monte-Klerigo kenarynda dürli ýaşdaky adamlar tarapyndan galdyrylan 26 yzy, şol sanda bäş sany yz hataryny we birnäçe aýry-aýry yzlary tapdy. Monte-Klerigodaky yzlaryň arasynda boýy 169-173 sm bolan uly ýaşly erkek adamlara degişli üç hatar tapawutlanýar. Şeýle-de, boýy 113 sm töweregi bolan çaga bilen bagly yz we boýy 72 sm töweregi bolan çaganyň yzlarynyň hatary tapyldy. Alymlar tapyndydan uzak bolmadyk ýerde neandertallaryň lageriniň bolup bilendigini çaklaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir