8-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary Balkan welaýatyna bilen ugrady. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi. Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda meýilleşdirilen bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdy. BMG-niň howandarlygyndaky halkara forum “Awaza” köpugurly sport toplumynda geçiriler. Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň binalarynda we onuň çäginde ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini, merkezi girelgäniň öňünde häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda döredilen enjamlaryň ornaşdyrylmalydygyny, olarda bolsa halkara maslahata degişli nyşanlaryň göze gelüwli görnüşde ýerleşdirilmelidigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylaryň toplumyň çägindäki seýilgähde gezelenç edip bilmekleri, oňaýly dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady. Şunda myhmanlaryň metbugat maglumatlary bilen tanyşmaklary, özara söhbet etmekleri babatda hem degişli mümkinçilikler göz öňünde tutulmalydyr. Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlaryň ulaglar bilen üpjünçiligine möhüm üns berilmelidigini aýdyp, häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynda halkara çärä degişli ýazgylaryň ýerleşdirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ugurlara gözegçilik edýän ýolbaşçylaryň halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler baradaky maglumatlary bilen tanyşdy. Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan şekil taslamalary we maslahata taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan guramaçylyk işleri barada maglumat berdi. Çäräniň geçirilýän ýerinde dünýäniň dürli dillerinde degişli ýazgylar, şygarlar göze gelüwli ýagdaýda ýerleşdirilmelidir. Şeýle-de halkara maslahata gatnaşyjylaryň forum bilen baglanyşykly isleg-arzuwlary içgin öwrenilmelidir. Halk Maslahatynyň Başlygyna görkezilen şekil taslamalarynda halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde toplumyň abadanlaşdyrylyş we enjamlaşdyrylyş derejesine, onuň bölümlerinde döredilýän şertlere degişli taslamalar, çyzgylar görkezildi. Şol bir wagtyň özünde toplumyň binalarynyň aýratynlyklary, çäräniň çäklerinde göz öňünde tutulýan duşuşyklaryň, degişli ugurlar boýunça bölümçelerdäki maslahatlaryň geçiriljek otaglarynyň taýýarlyk derejesi barada maglumatlar berildi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen gyzyklandy. BMG-niň howandarlygynda geçiriljek forumda çykyş edýänler, terjimeçiler hem-de forumyň geçişini beýan etjek žurnalistler üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Bu ýerde aragatnaşyk we internet ulgamlarynyň sazlaşykly, bökdençsiz işi ýola goýulmalydyr. Bu babatda meýletinçi-ýardamçylaryň alyp barýan işlerine möhüm ähmiýet berilmelidir. Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň taýýarlan maglumatlaryny öz ugurlary boýunça iberip bilmekleri üçin zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulmalydyr. Şeýle hem binalarda ses-akustika meseleleri ýokary derejede çözülmelidir. Munuň özi forumyň ähli ugurlarynyň halkara giňişlikde doly derejede wagyz edilmegine oňyn täsirini ýetirer. Gahryman Arkadagymyz forumyň köp ugurlary öz içine almalydygyny aýdyp, şunda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmezligi babatda degerli maslahatlaryny berdi. Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň foruma gatnaşyjylar üçin niýetlenen naharhanasynda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda çaý başynda söhbetdeşlik geçirdi. Onuň dowamynda Milli Liderimiz halkara maslahatyň guramaçylyk derejesi, oňa gatnaşýanlaryň özara duşuşyklara we gepleşiklere gatnaşmaklary, forumyň maglumat giňişliginde giňden wagyz edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir