Billi Aýlişiň öňki konsert syýahatlaryndan 400 müň töweregi ulanylmadyk futbolka 280 müň sany täze önüm döretmek üçin gaýtadan işlener. Bu barada Fast Company habar berýär. Taslama artistler bilen bagly egin-eşikleriň we ýadygärlik sowgatlarynyň satuwyna jogap berýän Universal Music Group kompaniýasynyň Bravado bölümçesi tarapyndan durmuşa geçiriler. Futbolkalar Marokkodaky Hallotex fabrikasyna iberiler, bu ýerde olar täze kolleksiýa üçin süýüme öwrüler. Aýdymçynyň ejesi Meggi Berd ekologik başlangyçlaryň Billi üçin karýerasynyň başyndan bäri möhüm bolandygyny aýtdy: “Biz egin-eşikleri ol meşhur bolmanka gaýtadan işlemegi teklip etdik. Bu daşy daga uzak wagtlap iteklän ýaly boldy”. Öz çykyşlaryndan öň Aýliş, köplenç, wideo görkezip, onda öz ekologiýa işleri we durnukly önümçilige çemeleşmesi barada gürrüň berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir