Apple kompaniýasy iPhone-y adatdan daşary ulanyş şertlerinde nähili synagdan geçirýändigini görkezdi. Kompaniýanyň synag barlaghanalarynyň birine WWDC 2025 konferensiýasyna käbir gatnaşyjylar, şol sanda Counterpoint portalynyň analitikleri çagyryldy. Maglumatlara görä, bazara çykarmazdan ozal kompaniýa azyndan 10 müň gurluşy synagdan geçirýär. Ähli synaglar dört topara bölünýär: daşky gurşawyň, suwuň, ýere gaçmagyň we wibrasiýalaryň täsiri. Hususan-da, iPhone duzly dumanyň, Arizona çölünden çägäniň we ýokary ýagtylygyň täsirini bilmek üçin 100 sagatlyk synagdan geçirilýär. AirPods üçin emeli der we gulak gutusy döredilýär. Gurluşlaryň suw geçirmeýjiligi halkara IP şkalasy boýunça kesgitlenýär. Mysal üçin, iPhone 16 Pro häzirki günde iň ýokarysy bolan IP68 reýtingine eýe. Ol tozandan doly goragy we alty metre çenli çuňlukda suwa çümmäge çydamlylygy kepillendirýär. “IPX-kamera synaglary ýagşa öýkünýän damýan potolokdan başlaýar. Soňra hemmetaraplaýyn basyş bilen suwuň göni täsiri barlanýar. Önüm bu synagdan geçenden soň, ol IPX5 reýtingine eýe bolýar. Soňra uzakdan ýokary basyş bilen suw sepmek synagy geçirilýär, ol üstünlikli geçilen ýagdaýynda gurluş IPX6 gorag reýtingini alýar. Ahyrynda, gurluş ýokary basyşly suwly gaba çümdürilýär. Eger gurluş hiç hili zyýan ýetmezden birden alty metre çenli çuňluga çümmäge çydaýan bolsa, degişlilikde, IPX7 we IPX8 gorag reýtinglerini alýar” – diýip, Counterpoint analitikleri synaglar barada aýdýar. Goşmaça gazlandyrylan içgä, şireli suwa, Günden goraýjy kreme we atyrlara çydamlylyk barlanýar. Şeýle-de, gurluşlar ýörite robotyň kömegi bilen dürli taraplaýyn asfaltyň, granitiň we çaglyň üstüne gaçyrylyp synalýar. Her bir täsir diňe Apple-iň inženerlerine elýeterli bolan pogramma üpjünçiligi tarapyndan seljerilýär. Ýük daşalanda, mysal üçin, nätekiz ýolda motosikliň bagažynda äkidilende gurluşa nähili täsiriň ýetýändigini bilmek üçin bolsa, wibrasiýa synaglary geçirilýär.