"Mançester Ýunaýted" şertnamanyň bahasynyň 10 million funt sterlingdigine garamazdan, Amazonyň klub barada dokumental film düşürmek baradaky teklibinden ýüz öwürdi diýip, The Athletic habar berýär. Çeşmäniň habaryna görä, Amazon bilen gepleşikler geçen möwsümiň ikinji ýarymynda birnäçe aýlap geçirilipdi. Film 2025/26 möwsümde surata düşürilip başlanmalydy. Amazon “hemme ýerde baryp bilmek” kategoriýaly ygtyýarnama bilen topara çäklendirilmedik giriş soraýardy. Bu şertnama Amazonyň “Hemme zat ýa-da hiç zat” tapgyryndan bolan dokumental taslamanyň taryhynda iň ulusy bolmalydy. Kompaniýa öň “Arsenal”, “Mançester Siti” we “Tottenhem” filmlerini surata düşüripdi. Çeşmäniň habaryna görä, bu şertnama klubuň eýeleri bolan INEOS kompaniýasy, täjirçilik bölümi hem-de baş direktory Omar Berrada tarapyndan goldanylypdy. Klubuň bergileri 700 million ýewrodan ýokary bolup, Premýer-ligada 15-nji orny eýeläninden soň, Ýewropanyň kubogyna gatnaşmaýanlygy sebäpli ýolbaşçylar bu taslamany girdeji gazanmagyň bir ýoly hasapladylar. Emma, tomsuň başynda gepleşikler bes edildi. Munuň esasy sebäbi hökmünde baş tälimçi Ruben Amorimiň garşy çykmagy görkezilýär. Amorim filmi düşürijiler oýunçylaryň ünsüni sowar we iş atmosferasyny bozar diýip hasaplapdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir