“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) filminiň remeýkiniň sanly görnüşi 15-nji iýulda Internetde çykar diýip, When to Stream neşiri ýazýar. Onlaýn görnüşdäki premýerasy film kinoteatrlarda görkezilenden bir aý soň bolar. Adatça, iri filmler kassa ýygymlary gaty pes bolmasa, bir ýarym aýdan gijä galman sanly görnüşde peýda bolýar. Film şu güne çenli dünýä kassa ýygymynda 519 million dollar girdeji gazandy. Filmde wikingler taýpasy bilen aždarhalaryň arasyndaky dawa-jenjelden ýadan Ikking atly ýetginjek hakynda gürrüň berilýär. Ol duýdansyz Dişsiz diýen aždarha duşýar we onuň bilen dostlaşýar. Täze dosty Ikkingiň kömegi bilen wikingler bilen aždarhalaryň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän gapma-garşylygyň soňuna nokat goýmaga çalyşýar. Filmdäki baş keşbi “Külli adamzadyň hatyrasyna” (“Ради всего человечества”) serialy arkaly tanalýan Meýson Temz ýerine ýetirdi. Onuň söýgüli gyzynyň keşbini “The Last of Us” filmindäki Saranyň keşbi bilen tomaşaçylara tanyş Niko Parker oýnady. Wiking Stoikiň keşbini Jerard Batler janlandyrdy.