Denwer amerikan şäheriniň merkezinde fasady ýüzlerçe “göz” şekilinde ýerine ýetirilen üýtgeşik Populus myhmanhanasy açyldy. Binagärlik taslamasy Studio Gan studiýasy tarapyndan durmuşa geçirildi we diňe bir täsin dizaýny bilen däl, eýsem gurluşyga ekologik çemeleşmesi bilen tapawutlanýar diýip, ArchDaily ýazýar. Penjireleriň şekili osina agaçlaryndaky (Pópulus trémula) tebigy nagyşlardan ugur alýar. Bu agaçlarda wagtyň geçmegi bilen göze meňzeýän yzlar peýda bolýar. Şeýlelikde, fasat agajyň gabygyny ýada salýar. Içki otaglaryň gurluşyna baglylykda, umuman, penjireleriň birnäçe görnüşi ulanyldy. Binada 265 otag, fitnes merkezi, launj-zolaklary, çäreler üçin ýer we Stellar Jay bar-restorany bilen açyk eýwan ýerleşdi. Myhmanhanadan Kapitoliý binasyny, Siwik-merkezi seýilgähini we Gaýaly daglary synlamak bolýar. Studio Gang-yň esaslandyryjysy Žann Gangyň aýtmagyna görä, bina taslananda binagärler Denweriň özboluşly şäher we tebigy keşbini görkezmäge synanyşdy. “Denwer janly şäher bilen ýurduň iň täsin tebigy landşaftlarynyň arasynda özboluşly deňagramlylykdyr. Biziň maksadymyz bu gülleýän ýeriň keşbini görkezip biljek özboluşly şäher häsiýetini we baý ekologiýany ulanmak boldy” – diýip, Gang aýdýar. Populus ekologiýa ülňülerini göz öňünde tutmak bilen guruldy. Binada myhmanlara başga ulag görnüşlerini ulanmaga itergi bermek üçin awtoduralga ýok. Diwarlar kül goşmak bilen betondan ýasaldy, bu uglerod zyňyndylaryny azaltmaga mümkinçilik berýär. Penjireleriň gurluşy ýagyş suwuny sowmaga ýardam edýär.