Barlagçylar adamlarda we haýwanlarda oňurga ýiliginiň şikeslerini bejermegiň täsirli usulyny döretmäge bir ädim ýakynlaşdylar. Oklend uniwersitetiniň (Täze Zelandiýa) alymlary ysmaz alakalarda hereket funksiýalaryny dikeldýän minimal inwaziw tehnologiýany işläp düzdüler. Tehnologiýa oňurga ýiliginiň şikes ýeten ýerine ultra inçe biologik taýdan utgaşýan implantatyň ornaşdyrylmagyna esaslanýar. Ol 2 Hz ýygylykda gowşak elektrik impulslaryny bermek bilen, nerw süýümleriniň ösmegine we täze baglanyşyklaryň döremegine itergi berýär. Ozal bu ýygylygyň laboratoriýa şertlerinde aksonyň täzelenmegine täsirini ýetirýändigi görkezilipdi. Synaga syçanlaryň oňurga ýiligine ortaça şikes ýeten iki topary gatnaşdy. Birinji topar günde 7–11 günüň dowamynda, soňra bolsa hepdede bäş gezek 12 hepdäniň dowamynda elektrik gyjyndyrmasyna sezewar edildi. Barlag toparyndakylar bejergi almady. 4 hepdeden soň synag toparyndaky syçanlar hereketinde ep-esli gowulaşmany görkezdi: hereketleriniň sazlaşygy dikeldi, yzky penjeleriniň ýagdaýy gowulaşdy, barmaklarynyň arasy birneme gysyldy. Şeýle hem, olaryň el degrilendäki duýgurlygy artdy. Awtorlar, öňki usullardan tapawutlylykda, täze tehnologiýanyň oňurga ýiligine sanjym edilmegini talap etmeýändigini we zeper ýetirmeýändigini bellediler. Şeýle-de bolsa, ony adamlarda ulanmak üçin goşmaça barlaglaryň geçirilmegi zerurdyr, sebäbi öz-özünden dikelmek alakalarda, adamlara garanyňda, has aňsat geçýär. Usuly kämilleşdyrmek boýunça işler dowam edýär.