Fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe öňki kluby bolan “Pari Sen-Žermene” üstünden beren kazyýet arzasyndan özüne psihologik basyş edilmegi babatdaky bölegi yzyna aldy diýip, L'Equipe habar berýär. Futbolçy "ünsüni sport meselelerine jemlemek" üçin şeýle karara geldi. Ozal, 2023-nji ýylda “PSŽ-nyň" ýolbaşçylarynyň Mbappäni oýunlardan çetleşdirendigi, oňa ahlak taýdan basgy edendigi we täze şertnama baglaşmaga mejbur edilendigi habar berlipdi. Şol bir wagtyň özünde, futbolçy “PSŽ” kluba 55 million ýewro töletmek bilen bagly kazyýet işinden el çekmedi. Bu mukdar gol çekmek bonusynyň üçden bir bölegini (36 million ýewro), 2024-nji ýylyň aprel-iýun aýlary üçin aýlyk hakyny we etiki kadalaryň berjaý edilişi bilen bagly bonusy öz içine alýar. 2024-nji ýylyň tomsunda Mbappe erkin agent hökmünde Madridiň “Realyna” geçdi. Şonda ol “PSŽ” bilen köne şertnama boýunça görkezilen mukdaryň tölenmegini talap edip, Fransiýanyň Professional Futbol Ligasyna (LFP) we UEFA ýüz tutdy. Sentýabr aýynda LFP-nyň hukuk komissiýasy kluba derrew 55 million ýewro tölemegi buýurdy, ýöne “PSŽ” bu karara şikaýat etdi. Şikaýat kabul edilmedi, şondan soň klub Fransiýanyň Futbol Federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetine ýüz tutdy, ol hem şikaýaty kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi. Aprel aýynda Mbappe 55 million ýewro möçberinde “PSŽ”-niň hasaplaryny doňdurmagy başardy. Maý aýynyň ahyrynda klub bu karara şikaýat edip, doňdurylan hasaplara girip bildi. “PSŽ” 2023-nji ýylyň tomsunda taraplar oýunçynyň klubuň maliýe durnuklylygynyň hatyrasyna puluň bir bölegini berjekdigi barada dilden ylalaşandyklaryny nygtaýar. Mbappe-niň aklawçylary bu sözleri "toslama" diýip atlandyrýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir