7-nji iýulda Belgrad şäherindäki Serbiýa Respublikasynyň Prezidentiniň köşgünde Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Esen Aýdogdyýewiň Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda ilçi E.Aýdogdyýew Serbiýanyň Prezidenti A.Wuçiçe we serb halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny ýetirdi. Öz gezeginde, Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti mähirli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen diplomatyny ýokary wezipä bellenilmegi bilen gutlady, oňa işinde üstünlikler arzuw etdi. Şeýle-de Türkmenistanyň hem-de Serbiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň iki ýurduň bähbitlerine laýyklykda dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.